Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Tejendäki awtoulag kärhanasy ýurduň raýatlaryna ýokary hilli awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen, ýolagçylary gatnatmak hem-de ýük daşamalaryny amala aşyrmak işlerini hödürleýär.

Bu ýerde ýetirilýän hyzmatlar kärhananyň ulaglar düzümindäki “Kamaz-6520”, “Kamaz-65115”, hem-de “Paz-32054” ýaly kysymly awtoulaglar tarapyndan alnyp barylýar we müşderileriň islegleriniň öz wagtynda kanagatlandyrylmagyny üpjün edýär.

Tejendäki awtoulag kärhanasynda zähmet çekýän tejribeli sürüjiler ýolagçylara we ýük daşamak hyzmatlarynda müşderilere medeniýetli hyzmat edýärler. Kärhananyň ulag hyzmatlaryndan peýdalanmak ýa-da gyzyklandyrýan soraglardyr sargytlar üçin şu görkezilen salgylar boýunça habarlaşyp bilersiňiz.


Tejendäki awtoulag kärhanasynyň salgysy: Tejen şäheriniň Magtymguly köçesiniň 65-nji jaýy;

Telefon belgileri: 800-135-4-00-13;

Elektron salgysytejenauk.@awtoulag.gov.tm